| Daşoguzda 600 okuwçy orunlyk multimedia mekdebiniň gurluşygyna badalga berildi. Häzirki wagtda täze gurluşygyň düýbüniň tutuljak ýerine çagyl dökülýär.
Okatmagyň häzirki zaman interaktiw tehnologiýalaryna esaslanýan täze mekdebi «Klyç Inşaat» türk kompaniýasy türkmen hünärmenleri bilen bilelikde bina edýär. Okuw binalaryndan başga-da, taslamada bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak üçin ähli şertleri döretmek göz öňünde tutulypdyr. Hususan-da, gimnastika zaly we suwda ýüzülýän howdan çagalaryň hyzmatynda bolar.
Daşoguzdaky täze multimedia mekdebi häzirki zamanyň ähli talap-laryna laýyk gelýän okuw mekdepleriniň ilkinjisi däldir. Mälim bolşy ýaly, öň şeýle desga tarp ýerdäki Ruhubelent etrabynda gurlupdy. Bu ýerde umumy bilim ulgamyna aýratyn üns berilýär. Häzirki wagtda hünärmenler welaýatda gurulýan ähli mekdepleri kompýuter tehnologiýalary bilen üpjün etmek barada aýratyn alada edýärler.
Tamamlanyp barýan 2008-nji ýyl Daşoguz welaýaty üçin gurluşygyň görlüp-eşidilmedik gerim almagy bilen alamatlandyryldy. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň welaýatlary özgertmek maksatnamasynyň çäklerinde bu ýerde bir wagtyň özünde, esasan, sosial ähmiýetli desgalaryň tutuş bir tapgyry gurulýar. Şolaryň arasynda «Ene mähri» merkezi, agyz suwuny öndürmek boýunça iri zawod, oba hojalyk ýokary okuw jaýy, 10 müň tomaşaçy orunlyk stadion, şeýle hem Ruhyýet Köşgi we beýlekiler bar. Täze gurluşyklaryň biri körpeleriň 160-sy üçin niýetlenen çagalar bagydyr, şol ýerde terbiýelenjek körpeleriň sazlaşykly ösmegi üçin ähli şertler dörediler.
|