Şähdaçyklygyň sebäbi
Şägirtleriniň biri Sokratdan:
– Men hiç mahal seniň keşbiňde gam-gussa alamatyny görmedim. Seniň mydama şähdiň açyk. Şonuň sebäbini düşündirsene! – diýip, towakga edipdir.
Sokrat oňa şeýle jogap beripdir: –Sebäbi ýitirenim üçin gynanar ýaly meniň hiç hili üýtgeşik zadym ýok.