ýatda sakla Mesele bar Açarsözi täzele
Makalalar
   

Gitara tarap birinji ädim


Duýduryş: Eger konserwatoriýany, sazçylyk mekdebine gutaran bolsaňyz bu makalanyň yzyny okamaň.

 

Adam bir zatlary öwrenjek bolanda aňsat ýerden başlasy gelýär. Eger siz okamagy öwrenjek bolsaňyz onda iň kyn kitapdan däl-de harplyk kitapdan başlamaly bolarsyňyz. Nemes dilini öwrenjek diýip “Die Zeitung” gazetine ýazylmarsyňyz gerek. Öwrenip bolýan beýleki zatlar hem şoňa meňzeş. Beýik daga çykmak üçin diňe dagyň çür depesine ýeten adamyň “gel-eý ýaman aňsat ekeni” diýeniniň peýdasy ýokdur. Size iň peýdaly adalaryň biri sizden ýekeje ädim öňdäki adamdyr. Bu ýerde gürrüň kim kimden öňdeligi barada däl-de, öwrenilenleri paýlaşmak barada barýar.

 

Gitara güýmenje hökmünde garap ony öwrenesiňiz gelse size öz tejribämi gürrüň bermekçi. Hiç zat bilmeýän wagtym diňe owadanlygyna gyzygyp diýen ýaly ýakyn dostum bilen gitara satyn aldyk. Emma bu garamaňlaý gitara biziň elimizde ulanylman 1-2 ýyl ýatdy. Emma durmuşyň çarkandakly ýollary dürli duýgy kesellerine ýolukdyranda bir gyrgyz dostum nähili ritm kakmaladygyny öwretdi. Ritm diýmek türkmençeläp aýtsaň belli bir tizlikde gitaranyň tarlaryna tertiplije kakmak bolýar. Şol kakuwlar sazyň ýa-da aýdymyň tizligini ýa-da tempini kesgitleýär. Muny öwrenmek belki has zehinliräk adamlar üçin kän wagt almasa-da meniň üçin bir hepde gerek boldy.

 

Ritm kakmakdan soň esasy öwrenmeli zatlaryň biri akordlary dogry tutmagy öwrenmekdir. Akord diýip birnäçe notadan emele gelen sese aýdylýar. Bu sesi çykarmak üçin saz guralynda şol bir wagtyň özünde birnäçe tara ýa-da klawişä basylýar. Iň köp ulanylýan akordlar üç notadan ybarat bolýar. Emma başga-da has kyn we çylşyrymly duýgulary beýan edýän akordlar hem bardyr. Olary hem gyzyklanmalaryňyza görä goşmaça öwrenip bilersiňiz. Umuman günbatar medeniýetinde sazlar belli bir harplar bilen beýan edilýär aňsat bolar ýaly. Bu harplar beýleki nota şekillerinden adamlara has düşnükli. Olary kompýuterde we kitaplarda çekmek we ýazmak has aňsatdyr. Saz sungatynda bu harplar A, B, C, D, E, F, G diýip bellenilýär. Munuň do, re, mi, fa, sol, la, si diýen atlary hem bar emma professional däl adamlar üçin öz edişim ýaly wagtlaýynça bu harplary öz okalyşlary ýaly ulanmagy maslahat berýärin. Başga atlaryny özümem bilemok öwredeýin diýsem.

 

Akordlar esasy nota boýunça düzülýär, we esasy akordlar Bm, B-minor ýa-da D, D-major diýip okalýar. Siz meselem Fm göreniňizde eýýäm gitarada haýsy tarlara basmalydygyňyza düşünýärsiňiz. Yzly yzyna şol bir akorda bassaňyz onda bu saza meňzemeýär, ol duran ýerinde dyzap duran maşynyň sesine meňzeýär. Şonuň üçin näçe köp dürli akord öwrenseňiz şonça-da dürli sazlary we aýdymlary öwrenip bilersiňiz.

 

Bu akordlar dürli kitaplarda we internet saýtlarda doly berlen. Bu saýtlarda gitara tablary diýip atlandyrylýan sözler we akordlar görkezilen aýdymlar bar. Bu aýdymlara seredip doly görnüşde bolmasa-da aýdymyň esasy heňinde aýdyp bolýar. Bu ýerde bolup geçýän zat şeýleräk. Gitarada çalynýan saz belli tertipde düzülen akordlardan emele gelýär. Aýdymçy bolsa öz aýdymy bilen solo saz ýaly çykyş edýär. Meselem Pälwanyň aýdymyny alyp görsek:

 

Am                   Dm

Aýlanyp saz çalýan köçeme-köçe

G                     C

Millet içre restoranda barlarda

Ýok men mes bolamok al şerap içip

Ýa minnet çekemok ynjyk ýarlardan

 

diýip bellenen bolsa şol akordlary basanyňyzda aşakdaky sözleri aýtmaly diýmekdir. Akordlar käwagt haýsy barmagyň haýsy perdä basmalydygyny görkezýän görnüşde hem ýazylyp bilner. Meselem biz Dm akordyny 132000 diýip ýazyp bileris. Bu aşaky tarlardan başlap 1-nji tary 1-nji perdede 2-nji tary 3-nji perdede 3-nji tary 2-nji perdede, galan tarlary bolsa basmaly däl(boş saklamaly) diýip düşündürýär. Üns bermeli zat tarlaryň aşakdan başlap sanalýandygydyr.

 

Eger-de siz çaýyrda ýa-da çaý başynda gitara çalýan adamlary gören bolsaňyz olar her bir aýdyma degişli akordlary bilýändikleri sebäpli aýdymy öz heňinde aýdyp bilýärler. Elbetde tutmasy has kyn akordlar hem bar.

 

Akord basmak üçin çepbekeýler sag, sagakaýlar çep elini ulanýarlar. Haýsy eliňi ulanýandygyňa garamazdan akordyň sesiniň dury çykmagy, üçin köpräk işlemeli bolarsyňyz. Barmaklaryňyz ujy gatap bir-iki gezek hamy sypyrylar emma bu basgançaklary geçeniňizden soň siz tarlara seretmän çalyp bilersiňiz. Eýýäm elleriňiz perdeleriň ýerine tarlaryň ýerini ýat tutar we şeýdip siz başlangyç gitara ukyplaryny edinersiňiz.

 

Elmydama daşyndan höwes edip ýördüňizmi? Onda bu arzuwlaryňyzy ertä goýmaň 50 dollara çyksaňyz güýmenmäne bir zat alyp bilersiňiz. Başarsaňyz boýuňdan asylýan kemerli gitara aljak boluň sebäbi dik durup aýtmaly bolanda bu gerek bolaýmagy mümkin. “Ýaňlan diýaryma” biri gatnaşmaly bolar-a. Şonda size gerek bolar. Özüňiz ýaly gitarany gowy görýänleriň arasynda olaryň bilýän zatlaryny sorap öwreniň. Öz halaýan aýdymlaryňyzyň akordlaryny internetden tapyp olary özüňiz üçin we dostlaryňyz üçin aýdyň. Birbada sesiňizi düzmek akorda gabat getirmek kyn bolup biler ýöne siz men ynanýan alyp çykarsyňyz.

 

Bu ýerde aýdylanlaryň hemmesi öwrenje tarapyndan ýazylandygy üçin häzirräk bolup ulanyň. Birden gitarist bolup baýap gitseňiz habarlaşyň: bayadym@gitaranygetirçalypgoreyin.çom

 

Nazar Mämmedow

Bölüm:Aýdym-saz
Iberen: Näbelli
Telpek: 0.00/0 ses

Ýüklenýär...
BAŞSAHYPA   |   BIZE ÝAZYŇ