31.03.2010 Ruslan Myradow, Turkmenistan.gov.tm (rus dilinden terjime)
Mary welaýatynyň Tagtabazar etrabynda alymlaryň pikirlerini meşgul edýän, ýurdumyz bilen gyzyklanýanlaryň hyýallaryny heýjana salýan we ekstremal syýahatçylary özüne maýyl edýän birnäçe özboluşly geçmişden galan ýadygärlikler bar. Gürrüň Garabil belentliginiň töwereklerinde, Murgap derýasynyň opurylmaga mähetdel kenarynda köwülip döredilen emeli gowaklar barada barýar. Gowaklara giriş ýumşak gumuň dik eňňitlerinde gurulanlygy sebäpli olara aralaşmak kyn. Ol gowaklara aşakdan barmak üçin merdiwan ulanmaly, ýokardan barmak üçin bolsa alpinist ýaly sallanyp girmeli bolýar. Bularyň hemmesi bolsa bize girmegiň şeýle kynlygynyň belli bir maksadynyň bolanlygyny, ýagny ol gowaklarda gizlenip ýaşajaklar üçin howpsuzlygy üpjün etmek bolanlygyny bildirýär. Ýöne, şeýle çylşyrymly gowaklary kim, haçan we näme üçin döretdikä diýen pikir döreýär. Alymlar esasan ynha şol soragyň üstünde kelle döwýärler.

Gowaklaryň arasynda iň oňat saklanyp galany Ýekedeşik gowaklar toplumydyr. Bu iki gatly gurluş göni koridordan ybarat bolup onuň uzynlygy 37 metr kenaryň içine girip gidýär. Onuň iki tarapynda bolsa gönüburçlyk görnüşinde iki otag ýasalypdyr we olaryň içinden has kiçi otaglara aralaşylýar. Käbir ýerlerde togalak çukurjyklar ýasalypdyr - olar ýa içi gömülen guýy bolmaly, ýa-da gerek-ýarak saklamak üçin ýörite ammar ýaly gurluşlar bolan bolmaly. Koridoryň soňunda togalak tör bar ol bolsa altary ýatladýar. Bu ýere düýbünden gün şöhlesi düşmeýänligi sebäpli diwarlaryň belli belli ýerlerinde çyralar üçin çukurjyklar ýasalypdyr. Hakykatdan-da şeýle terkidünýälik bilen gurulan bu binalarda howalandyrmak meselesiniň nähili çözülendigi häzirki güne çenli tapmaça bolup dur. Elbetde, bu binalaryň özboluşly artykmaçlyklar hem ýok däl. Olar tomsuň jöwzasynda salkyny, gyşyň aýazynda bolsa ýakylýan ojaklaryň ýylysyny oňat saklaýar. Ýekedeşigiň we beýleki gowaklaryň bugünki ýagdaýy olaryň birnäçe asyrlaryň dowamynda ulanylmagynyň we uzak wagtyň dowamynda boş ýatmagynyň netijesidir. Käbir ýerler dürli döwürlerde ýaşanlar tarapyndan oňarylypdyr, käbir ýerler bolsa toprakdan dolup gidipdir. Şu baradaky bilýänlerimiziň has aýdyňlaşmagy üçin çynlakaý arassaçylyk we arheologik barlag işlerine garaşmaly bolarys.

Bu gowaklary 125 ýyl öň rus dag inženeri A.M.Konşin tapypdyr. Ondan soňra bu ýerde geolog we syýahatçy, akademik W.A.Obruçew bolupdyr we ol özüniň «Zakaspi düzlügi» atly kitabynda 1890-njy ýylda Garabil belentliginiň ylmy beýanyny we ol ýerdäki emeli gowaklaryň suratlandyrmasyny ýazyp geçýär. ХХ asyrda bu ýerde hünärmenleriň ençemesi – geologlar, geograflar we arheologlar bolup görýär. Emma gowaklar toplumynyň ilkinji ylmy düşündirişini 50-nji ýyllarda akademik G.A.Pugaçenkowa berýär. Ol bu geň enaýy binalaryň X-XI asyrlara degişlidigini belleýär, emma şeýle netije diňe gowagyň içinde tapylan zatlara esaslanýar, olar bolsa aslynda gowaklarda has soňky döwürlerde ýaşanlar tarapyndan hem galdyrylan bolup biler. Ýöne heniz arheologlaryň piliniň degmedik ýerlerinde ýykyndylaryň aşagynda nämeler barka? Gazuw-agtaryş işleri ýerine ýetirilmän şeýle soraga jogap bermek mümkin däl, emma belli zatlary göz öňüne getirmek mümkin. 20 ýyl öň binagärligi öwreniji taryhçy S.G.Hmelniski gyzykly bir gipotezany öňe sürdi. Onuň aýtmagyna görä Merkezi Aziýada şeýle gowaklar adatça buddist, käte bolsa hristianlar tarapyndan emeli gaçybatalga hökmünde ulanylypdyr.

Şeýle ýadygärlikleriň Günbatar Hytaýda (Ýungan, Týanlunşan), Owganystan (Bamiýan), Günorta Özbegistanda (Termez töwereginde Garadepede) we Täjigistanda (Aýwaj) barlygy bilinýär. Geometrik yzygiderlilik, göni burçlar Ýekedeşigiň ussat eller tarapyndan döredilendigini ikuçsyz edýär. Binanyň iň azyndan ilki başda monastyr hökmünde ulanylandygyna koridoryň töründäki nişa hem üns çekýär. Goňşy Dörtdeşik toplumy hem adaty ýerasty ýaşaýyş ýerine meňzemeýär. Eger şu pikirler dogry bolsa, onda garabil gowaklary X-XI asyrlardan has irki, beli Garadepe ýaly II-IV asyrlara ýa-da ondanam irki döwürlere degişli bolup biler. Emma şu soraglaryň hemmesine diňe arheologik barlaglaryň netijesinde täze jogaplar tapmak mümkin.
|