01.04.2010 Anatoliý Buşmakin, geologiýa-mineralogiýa ylymlarynyň kandidaty; W. Komarow,
Turkmenistan.gov.tm (rus dilinden terjime)
Garagum çölüniň ortasynda Derweze şäherçesiniň golaýynda syýahatçylar adam täsiri bilen döredilen deňsiz-taýsyz tebigat ýadygärligini görüp bilerler. Bular birnäçe ýyl mundan ozal emele gelen meşhur äpet oýlardyr. Bu ýerde şeýle oýlaryň birnäçesi bar olaryň käbirleriniň içinde ýalyn bar käbirleriniň içinde suw dolupdyr we gaz akýar. Çölüň ortasynda şeýle äpet şahtalar nädip we näme üçin emele geldikä?

Çölde bolup gören her bir adam Garagumyň tebigatynyň nähili ýowuz we özboluşlydygyny bilýändir. Şeýle-de bolsa çöl ýaşaýyş güýjüniň çeşmesi bolan ýylylyk we gün şöhlesine hem baýdyr we geljekde bu ýerler ýurduň ykdysady taýdan oňat özleşdirilen etraplaryna öwrülip biler. Çöle aralaşmak eýýäm birnäçe onýyllyklaryň dowamynda amala aşyrylýar. Merkezi etraplarda ilatly nokatlar hem-de nebit we gaz senagatynyň agzalary peýda bolup başlady. Öňler adam barmaýan ýerlerde indi suwarymly ýer bölekleri hem görünýär.

Häzirki günde Goragumyň diňe bir maldarçylyk ýa-da daýhançylyk üçin amatly ýer bolman, onuň tebigy baýlyklaryň esasan-da uglewodorod çig malynyň mekanydygy hem köplere mälim boldy. Gara gumlaryň çäklerinde gaz ýataklarynyň senagat maksatly ulanyp boljak gorlarynyň onlarçasy ýüze çykaryldy. Şu wagt Zeagli-Derweze meýdanynda ýylda 3 milliard kub metr gaz mümkinçiligi boljak önümçilik meýdany taýýarlanýar.
50 ýyl mundan ozal, haçan-da Merkezi Garagumda tebigy hazynlaryň ýaňy-ýaňy üsti açylmaga başlananda, şu äpet oýlary emele getiren käbir wakalar bolup geçipdir.

Şu ýerini barlaýan geologlar, bu ýerde ägirt uly tektonik belentligiň – Merkezi Garagum belentliginiň - barlygyny we onda çylşyrymly jaýryklaryň we köp sanly uşak gurluşlaryň ýagny gümmezleriň barlygyny kesgitlediler. Olaryň pikiriçe, Garagumdaky kükürt depeleri hem şol jaýryklaryň arasynda kükürtli suwuklyklaryň akyp çykmagy netijesinde emele gelipdir. Şol sebäpli hem öz döwründe şu sebitde uly geologiýa-geofiziki barlag işlerini geçirip, bu ýeriniň ummasyz gaz ýataklaryna eýedigi barada netijä geldiler. Şonda-da, geologlar barlag guýylaryny ilki burawlamaga başlanlarynda onuň netijesiniň nähili boljakdygyny göz öňüne getirip bilmeýärdiler.
Şu oýlaryň biriniň emele gelmegi № 101 guýynyň burawlanmagy bilen baglanyşyklydyr. 1959-njy ýylyň 19-njy maýynda bu guýydan senagat maksatly gazyň ilkinji akymy alyndy. Guýy bir gije-gündiziň dowamynda 200-400 müň kub metr gaz berýärdi. Emma şol bir wagtyň özünde bu gaz guýusyndan her gije-gündizde 1000 kub metr suw we az möçberde kondensat çykýardy. Bu ýerde tektonik jaýryklaryň arasyndan suwuň çykýandygyny hünärmenler öňem görüpdiler. Şeýle aralyklaryň bolmagy we olaryň içinde suwuň geçmegi karts boşluklaryny emele getiripdir. Buraw işleri 1000 metrdäki hek gatlaklaryna ýetende, ýerasyndan örän kuwwatly gaz çüwdürimi atylyp çykýar. Buraw diňiniň töwereginde jaýyrklar emele gelýär we ýer jynsynyň zaýalananlygy sebäpli howp döräp, buraw enjamlarynywe beýleki gurluşlary gyssagly söküp aýyrmaly bolýar.

Bu enjamlar sökülip aýrylanda bolsa, şonda çykan gaz çüwdürimi bu ýeriniň tebigy gazyň ägirt uly gorlaryna eýedigini görkezdi. Netijede senagat maksatly gözlegleriň birnäçesi amala aşyryldy we ýüzlerçe gözleg guýylary gazyldy, olaryň käbirleri tebigy gazyny çykarýar. Şolar sebäpli ýüze çykan oýlardan käbirleri bolsa ajaýyp Garagumymyzyň özboluşly ýadygärligi hökmünde saklanyp galdy. Häzirki günde olar syýahatçylary özüne çekýän ajaýyp görnüşe eýedir.
|